- mölertmek
- işlik[mö:lertmek]Gözüňi mölertmek, bir zada aňkarylyp seretmek, bir zada geň galyp durmak, aňk bolup durmak.∙ Bir gazykda bagly gara göle gözüni mölerdip seredýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Onuň ýanyndaky gelin gözüni mölerdip, oňa bir zat diýjek ýaly etdi. («Tokmak» žurnaly)∙ Goýun gözlerini mölerdipdir. («Türkmen Ertekileri»)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem mölertmek - mölerdýär, mölerder, mölerdipdir.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.